Tim Kuk: Mac kompýuterlerini ilkinji gezek satyn alan müşderileriň sany hepdelik rekordy täzeledi

  • 22.03.2026 12:15
  • 1.6k+

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen hepdede ilkinji gezek Mac kompýuterini satyn alan ulanyjylaryň sany boýunça rekord goýlandygyny mälim etdi.

Islegiň artmagy geçen hepde dükanlara çykarylan täze MacBook Neo modeliniň satuwa başlamagy bilen gabat geldi. Onuň bahasy häzirki wagtda iň elýeterli hasaplanýan MacBook Air modelinden hem takmynan iki esse arzan.

Apple kompaniýasynyň ABŞ-daky resmi saýtynda bu noutbuklaryň doly satylyp gutarandygy we täze önümleriň gelmegine iki-üç hepde garaşylmalydygy bellenilýär.

MacBook Neo satuwa çykarylandan soň «iFixit» taslamasynyň hünärmenleri noutbugy söküp gördüler we bu modeliň soňky 14 ýylyň içinde Apple enjamlarynyň arasynda abatlamak üçin iň amatly modeldigini anykladylar. Ekspertler özleriniň ýörite görkeziji bahalary boýunça oňa 10-dan 6 bal berdiler.

Noutbugyň aşaky gapagy sekiz sany nurbat bilen berkidilipdir. Olary towlap aýranyňdan soň, korpusy hiç hili goşmaça gural ulanmazdan, el bilen açyp bolýar. Şeýle gurluş esasy böleklere — akkumulýatora, dinamikalara, USB-C portlaryna we trekpada elýeterliligi ýönekeýleşdirýär.

Iň uly üýtgeşmeler batareýanyň berkidilişinde ýüze çykdy. MacBook-laryň köp modellerinde akkumulýator korpusa ýelmenýän bolsa, MacBook Neo-da ol 18 sany nurbat bilen berkidilipdir. Bu bolsa batareýany çalşyrmagy aňsatlaşdyrýar we abatlaýyş wagtynda zeper ýetirme töwekgelçiligini azaldýar.

Käbir bölekleri serwis hyzmatyny etmek bolsa heniz hem çylşyrymlylygyna galýar. Meselem, klawiaturany çalşyrmak üçin 41 sany nurbaty towlamaly bolýar. Korpusyň içki tarapynda «Torx Plus» nurbatlarynyň ölçeglerini görkezýän bellikleriň goýulmagy ussalaryň işini ýeňilleşdirer.

Ekspertler USB-C portlarynyň we gişulaklyk deşiginiň modully gurluşyna ýokary baha berdiler. Olary ene plata degmezden, aýratynlykda çalşyryp bolýar. Şeýle hem, täze modeliň displeýi MacBook-laryň soňky nesillerine garanyňda has aňsat aýrylýar.


17.06.2026 11:29
4.3k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
870

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.2k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......