Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

  • 22.03.2026 04:10
  • 2.2k+

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar.

Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler. "Yza importyň" ösmegi köplenç syýasy faktorlar bilen baglanyşdyrylýar.

ABŞ-da Nissan Murano modeli 241 at güýjüne we 353 Nm aýlaw pursatyna eýe bolan iki litrlik turbirlenen hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylýar. Awtoulag dokuz basgançakly awtomatiki geçiriji guty we doly çekiji ulgam bilen üpjün edilen. Model baý toplumda hödürlenýär, onuň Amerika bazaryndaky bahasy 41 670 dollardan 49 800 dollara çenli ýetýär.

Nissan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aýwen Espinoza Murano modeliniň Ýaponiýada peýda bolmagynyň kompaniýanyň modeller hataryny giňeltjekdigini we alyjylaryň isleglerini has gowy kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjegini mälim etdi.

Çaklamalaryň birine görä, ABŞ-da öndürilen awtoulaglaryň Ýaponiýa iberilmegi iki ýurduň arasyndaky söwda deňagramlylygyny sazlamaga hem gönükdirilendir.

Iberilmeleriň 2027-nji ýylyň ilkinji aýlarynda başlanmagyna garaşylýar. Şeýle hem Toyota we Honda kompaniýalary ozal ýerli bazarda bolmadyk Camry, Highlander, Tundra, Passport we Integra ýaly modellerini Ýaponiýada satmagy göz öňünde tutýarlar.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......