Counter-Strike 1.6-ny indi brauzeriň üsti bilen oýnap bolýar

  • 22.03.2026 12:20
  • 3.4k+

DosZone Team topary Counter-Strike 1.6 oýnunyň brauzer wersiýasyny çykardy. Bu taslamany taýýarlamak üçin takmynan alty aý sarp edildi we oýunçylaryň gatnaşmagynda iki hepdelik synagdan geçdi.

Oýun toparyň goşmaça kämilleşdirmeleri bilen "Xash3D" hereketlendirijisinde işleýär hem-de mugt, mahabatsyz we hiç hili tölegsiz elýeterlidir. Ulanyjylar üçin 33 sany karta, şol sanda de_dust2, cs_office, assault we fy_pool_day ýaly meşhur kartalar hödürlenýär.

Oýunda botlar we köp ulanyjyly (multiplayer) tertip goldanylýar, ony kompýuterlerde we ykjam enjamlarda oýnap bolýar.

Taslamanyň aýratynlygy — ýörite serwer güýçlerini talap etmeýän ulgamydyr. Oýunçylar açyk ýa-da şahsy otaglary döredip bilýärler. Eger oýun dörediji ulgamdan çyksa, dolandyryş awtomatiki usulda başga bir gatnaşyja geçýär we oýun dowam edýär.

Mundan ozal bu topar "Heroes of Might and Magic III", "GTA: Vice City", "DOOM" we "Quake" ýaly beýleki oýunlary hem brauzer giňişligine geçiripdi.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....