Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

  • 22.03.2026 12:19
  • 5.6k+

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu asylly çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda aýratyn dabaralara beslendi.

Şol gün ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolan täze Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde dabara gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleri bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, sogap işe badalga berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň körpe nesil bilen bilelikde bag nahalyny oturtmagy ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň we dowamatlylygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow asylly işe baş goşýandygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde sowgat gowşurdy. Soňra oglanjygyň haýyşy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şeýle hem bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem-de ekologiýa derejesini saklamak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdy.

Bu ekologiýa çäresi Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hem geçirildi. Döwlet Baştutanynyň dabara gatnaşmagy ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça ilkinji bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem-de halk köpçüligi döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdi.

Baýramçylyk ruhunda geçen bu çäräniň netijeleri boýunça tutuş ýurtda agaç nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Mundan başga-da, öňden bar bolan tokaý zolaklaryndaky 2 million 24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ählihalk bag ekmek dabarasy ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy dabaralanýan döwürde tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky ählumumy tagallalara mynasyp goşant boldy.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......