Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

  • 22.03.2026 08:09
  • 4.8k+

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Maksatnamanyň şertlerine görä, alyjy enjamyň bahasynyň 50%-ini 12 aýyň dowamynda göterimsiz we deň böleklerde töleýär. Şondan soň, ulanyjy üçden birini – smartfony özünde galdyrmagy, ony yzyna tabşyrmagy ýa-da täze modele çalşyrmagy saýlap biler.

Eger ulanyjy enjamy özünde galdyrmagy karar berse, bahasynyň galan bölegini tölemeli bolar. Smartfon yzyna tabşyrylan ýagdaýynda bolsa, goşmaça töleg talap edilmeýär — bu bolsa hakykat ýüzünde enjamy diňe ýarym bahasyny töläp, bir ýyl ulanmaga mümkinçilik berýär. Çalşyk saýlanan ýagdaýynda, kompaniýa başlangyç bahanyň 50%-ini täze smartfony satyn almagyň hasabyna goşýar.

Şeýle-de, bu maksatnama bir ýylyň dowamynda enjamy bejertmek hyzmatyny öz içine alýan Samsung Care+ serwisini hem goşýar. Bu hyzmat enjamyň gymmatyny saklamaga we geljekde ony täze modele çalşyrmaga ýardam edýär.

Hindistanda 12 GB operatiw we 256 GB içerki ýady bolan esasy Galaxy S26 modeliniň bahasy 950 dollardan başlanýar.


09.06.2026 22:05
1.8k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....