Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

  • 09.05.2026 16:36
  • 3.9k+

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi.

Kompaniýanyň Hytaý saýtynda ýerleşdirilen habarnama görä, bu karar bazardaky üýtgeşmeler sebäpli kabul edildi. Aslynda Samsung brendi Xiaomi we TCL ýaly ýerli öndürijiler tarapyndan hödürlenýän arzan bahaly bäsdeşlige döz gelip bilmedi we ýurduň içindäki bölek satuw amallaryny bes etmäge mejbur boldy.

Satuwyň bes edilmegine garamazdan, Samsung Hytaýdan doly gidenok. Kompaniýa eýýäm satyn alnan enjamlar üçin hyzmat ediş borçlaryny ýerli kanunçylyga laýyklykda dowam etdirjekdigini tassyklady. Şeýle-de, kompaniýanyň Hytaýda ýerleşýän we önümleri eksport üçin öndürýän zawodlary öz işini dowam eder.

Ýerli brendleriň Hytaý bazarynda hökmürowanlyk etmegi netijesinde, Samsung-yň ünsüni daşary ýurt bazarlaryna gönükdirmegi paýhasly ädim boldy. Şunlukda, tehnologiýa ägirdiniň Hytaýdaky işi indi diňe serwis hyzmatlary we beýleki ýurtlar üçin önüm öndürmek bilen çäklener.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....