Hytaý dünýä bazaryndan kümüş goruny «syryp-süpürýär»

  • 21.03.2026 14:37
  • 5k+

Hytaý 2026-njy ýylyň başynda kümüş importyny ep-esli artdyrdy. Satyn alyşlar soňky sekiz ýylda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, «Bloomberg» habar berýär.

Import edijiler ýurduň içindäki senagat we maýa goýum isleglerini kanagatlandyrmak üçin çig maly gyssagly satyn alýar. Ýanwar we fewral aýlarynda Hytaý 790 tonnadan gowrak kümüş import etdi. Şonuň 470 tonna golaýy fewral aýyna düşdi — bu bolsa şol aý üçin rekord görkezijidir.

Ýokary isleg Hytaýyň öz içinde kümşüň bahalarynyň halkara derejesinden ep-esli ýokary galmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň biržalaryndaky metal gorlarynyň çalt azalmagy daşary ýurtdan kümşüň getirilmegini has-da güýçlendirýär.

Bu ýagdaýa hünärmenler hem senagat, hem-de hususy maýadarlar tarapyndan islegiň birden ýokarlanmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar. Gün panellerini öndürijiler 1-nji aprelden başlap eksport salgyt ýeňillikleriniň ýatyrylmagynyň öňüsyrasynda önümçiligi artdyrýar. Gün energetikasy pudagy, adatça, kümşüň global göwrüminiň, takmynan, 20%-ini sarp edýär.

Şol bir wagtda, bölek söwda maýadarlary kümüş tokgalaryny altyna garanyňda has elýeterli alternatiwa hökmünde görüp, işjeň satyn alýar.

«Kümüş tokgalaryna bolan isleg örän güýçli, gün panellerini öndürijiler bolsa batly depginde işleýär — diýip, StoneX Group Inc. kompaniýasynyň EMEA we Aziýa bazarlaryny seljeriş bölüminiň ýolbaşçysy Rona O’Konnell belledi. — Şol bir wagtda, Hytaýyň biržalaryndaky gorlar göz açyp-ýumasy salymda azalýar, bu bolsa öz-özünden alyjylara güýçli psihologik täsir edýär».


düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
811

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......