Curiosity-nyň tötänleýin daşy döwmegi Marsda täze açyş döretdi

  • 22.03.2026 08:07
  • 4.8k+

Marsy öwrenýän Curiosity marsohody planetanyň ýüzündäki bir daşy tötänleýin döwdi we onuň içinden arassa kükürdi ýüze çykardy. Waka gadymy suwuň yzlary öwrenilýän Gediz-Wallis kanalynda bolup geçdi. Mundan ozal Gyzyl planetada diňe sulfatlar — kükürdiň başga maddalar bilen birleşmesi tapylýardy.

Şeýle hem, şol töwerekde meňzeş görnüşli ýene-de birnäçe daşlar tapyldy. Bu bolsa şol jelegaýda kükürdiň giňden ýaýran bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

Alymlar sap kükürdiň emele gelmegi üçin örän aýratyn şertleriň gerekdigini belleýärler. Şu wagta çenli şol sebitde beýle şertleriň bolandygy tassyklanylmandy. Şol sebäpli, bu açyş häzirki ylmy nukdaýnazaryndan düşünmesi kyn ýagdaýy döredýär.

Belli bolşy ýaly, kükürt durmuşda iň möhüm elementleriň biri. Bu tapyndy hem Marsda haçandyr bir wagt ýaşaýşyň bolandygyny kesgin subut etmese-de, ol hakdaky maglumatlary baýlaşdyrýar. Galyberse-de, öň hem ol ýerde suwuň we ýaşaýyş üçin amatly bolup biljek şertleriň alamatlary tapylypdy.

Iň gyzykly ýeri, açyşyň düýbünden tötänleýin bolmagydyr. Eger-de daş döwilmedik bolsa, onuň düzümi nämälimligine galyp bilerdi. Indi hünärmenlere arassa kükürdiň Marsyň ýüzünde nähili peýda bolandygyny anyklaýmak galýar. 


22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

18.06.2026 11:16
2.9k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

28.05.2026 17:31
2.9k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......

27.05.2026 14:32
1.5k+

Astronawtlar üçin eşikleri suwsuz ýuwmagyň usuly işlenip düzüldi

Amerikaly inženerler suw ýa-da ýuwujy serişde ulanmazdan, eşikleri arassalamagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler, bu tehnologiýa geljekde Aýa we Marsa adamly ugradylýan missiýalarda ulanylyp bilner. Sowuk plazmanyň esasynda döredilen enjam suwuň we sarp edilýän materiallaryň çäkli şertlerinde matalary dezinfeksiýa etmek üçin niýetlenendir...