Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi

  • 21.03.2026 14:07
  • 3.9k+

Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň doly teksti Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Interwýunyň esasy bölegi başlamazdan ozal, Gurbanguly Berdimuhamedow we He Ýanke iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdy. Alypbaryjy Halk Maslahatynyň Başlygynyň döredijiligine we kitaplaryna bolan çuňňur hormatyny beýan edip, olaryň türkmen medeniýetine düşünmekdäki ähmiýetini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri žurnalistiň haýyşy boýunça teleýaýlymyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Interwýunyň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle media hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklary üçin ähmiýetini nygtady:

«Siziň sowalyňyza jogap bermezden ozal, şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş eden “CGTN” teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygymy bildirýärin. Hytaýyň özünde-de, onuň çäklerinden daşarda-da köpmillionly tomaşaçysy bolan abraýly teleýaýlymyň sowallaryna jogap bermek iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Häzirki Türkmenistany has gowy tanamaga, onuň içeri we daşary syýasatynyň aýratynlyklaryna, biziň döwlet maksatnamalarymyza, ileri tutulýan ugurlarymyza düşünmäge mümkinçilik berer» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu interwýu diňe bir maglumat alyşmak däl-de, eýsem Türkmenistanyň we Hytaýyň özara ynam ýörelgeleri esasynda bilelikde howpsuz we gülläp ösýän geljegi gurmaga taýýardygyny tassyklaýan doly göwrümli maksatnamalaýyn beýannama boldy.

Tmcars.info neşiri bu söhbetdeşligiň dürli ugurlary barada has giňişleýin durup geçer.


düýn 22:20
3.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....