2.8k+

Apple akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Huawei-den yza galdy

2025-nji ýylyň II çärýeginiň jemi boýunça Huawei ilkinji gezek akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Counterpoint Research statistikasy habar berýär. Hytaý bazary kompaniýanyň global üpjünçiliginiň 8% ösüşini üpjün edip, bu netijä ýetmekde möhüm orun eýeledi...

5.6k+

Awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar belli boldy

Awgust aýynyň jemi boýunça dünýä bazarlarynda has gymmatlan haryt kofe boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habar berýär. Robusta kofesiniň bahasy bir aýda 1,5 esse, arabika kofesiniň bahasy bolsa 29% ýokarlandy...

5.2k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar...

1.4k+

Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar

Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios  “Hexed”  (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär...

4.2k+

Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşy hödürleniler...

14k+

CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy...

8.9k+

Teýlor Swiftiň adaglanmagy gymmat bahaly daşlaryň bazarynyň ösüşine itergi berdi

Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy...

12k+

Türkiýede tilki derisini geýen adamyň 8000 ýyllyk heýkeli tapyldy

Arheologlar Türkiýede bir adamyň toýundan ýasalan uly bolmadyk heýkeljigini tapdylar. Bu artefaktyň ýaşy, takmynan, 8000 ýyl töweregi diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi. Dokuz santimetrlik heýkel Izmir welaýatynyň Kemalpaşa etrabynyň Ulujak depesinden tapyldy...

3.8k+

Prints for Wildlife taslamasy 2025-nji ýyldaky iň oňat ýabany tebigatyň suratlaryny görkezdi

Prints for Wildlife  taslamasynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň täze çap edilen surat albomyna girizilen, ýabany tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürlediler. Prints for Wildlife taslamasy maliýeleşdirmegiň kemeldilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan milli seýilgählere we dürli daşky gurşawy goramak programmalaryna serişde toplamak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri çap edilen suratlary goýberýär...

4.3k+

Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi

Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär. Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi...

11k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...

5.6k+

Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler...

6.1k+

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi

1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. “ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler...

6.6k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

13k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar nähili görnüşde alnyp barlar

1-nji sentýabrda Aşgabatda bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy. Täze ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar...

5.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi

Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär...