Türkmenistan we UNIDO «ýaşyl» senagat geçişiniň taslamalaryny maslahatlaşdy

  • 12.04.2026 22:56
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Gepleşikleriň esasy mowzugy durnukly senagat ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmekden, şol sanda Arkadag «akylly» şäherini gurmagyň ikinji tapgyryny amala aşyrmakdan we milli ykdysadyýete innowasion çözgütleri ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «ýaşyl» senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin UNIDO bilen hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşykda haly we dokma senagatyndaky taslamalar, şeýle hem Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.

UNIDO-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmäge goşan goşandyna we energetika howpsuzlygy boýunça BMG-niň başlangyçlaryny goldamagyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow sebit başlangyçlaryna, şol sanda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça BMG-niň sebit merkezini döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdi.

Taraplar şeýle hem serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek meseleleri boýunça pikir alyşdy.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......