Paramount Ýakyn Gündogar gaznalaryndan Warner Bros.-y satyn almak üçin $24 milliard goldaw aldy

  • 13.04.2026 16:36
  • 2.4k+

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ni satyn almak maksady bilen, Ýakyn Gündogaryň üç sany döwlet gaznasyndan takmynan 24 milliard dollar maliýe goldawyny aldy.

Kopmapniýa Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy 10 milliard dollar berdi we galan serişdeleri bilen Katar we Abu-Dabi gaznalary üpjün eder.

Bu ägirt uly söwdanyň umumy bahasy 111 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Edil häzir bu işe degişli gözegçilik ediji edaralar razylyk berse, bolany. Geleşigi 2026-njy ýylyň üçünji çärýeginiň ahyryna çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär.

Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount-yň teklibini fewral aýynda kabul edipdi. Bu ýagdaý, Netflix-iň her aksiýa üçin goýlan 31 dollarlyk nyrhy ýokarlandyrmakdan we bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwreninden soň döredi.


düýn 23:59
1.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
322

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....