Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýanyň Federal Prezidentini Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 12.04.2026 21:07
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wena şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň bitaraplyk gymmatlyklarynyň meňzeşdigini nygtady hem-de syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maslahatlaşdy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigi bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edildi.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde «ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma we emeli aň bellenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmekde we bank ulgamynda Awstriýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär.

Ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda Grasyň tehniki uniwersiteti bilen akademiki alyşmalara we Aşgabatda Wena ballaryny geçirmäge aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin Awstriýa minnetdarlyk bildirdi we Aleksandr Wan der Belleni özi üçin amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......