Alymlar zehinli adamlaryň näme üçin ýalňyzlyk çekýändigini düşündirdiler

  • 13.04.2026 16:46
  • 8.2k+

IQ derejesi ýokary bolan adamlar köplenç özlerini jemgyýetden çetde ýaly duýýarlar we güýçli utanç duýgusyny başyndan geçirýärler. Bu bolsa olaryň adamlara öwrenişmegini kynlaşdyrýar diýip, Your Tango neşiri habar berýär. Akylly bolmak üstünligiň açary hasaplansa-da, köp zehinli adamlar üçin bu ýagdaý öz-özüne aşa talapkär bolmaga we ýalňyzlyga alyp barýar.

Hünärmen Dana Dosuelliň aýtmagyna görä, şeýle adamlar köp kişiden akyllydyklaryny bilseler-de, içinden özlerini «nädogry» hasaplaýarlar. Hut şunuň özi-de, olaryň dünýä bilen gyzykman, ýalňyz galmagyna bahana bolýar.

Psihoterapewt Imi Lo zehinli adamlaryň köplenç hakyky häsiýetlerini gizleýändigini aýdýar. Sebäbi daş-töwerekdäki adamlar barybir olaryň dünýäsine düşünmeýärler. Netijede, olar özlerini «aldawçy» ýaly duýup başlaýarlar.

Akyl derejesi ýöntem adamlardan tapawutlylykda, zehinli adamlar utanjy has agyr we çylşyrymly kabul edýärler. Ine, bu-da, olaryň adamlardan daşlaşmagyna alyp barýan ýene bir sebäpdir.

Synçylar olaryň bu kynçylygy ýeňmegi üçin özlerini nähili duýýandyklary hakda gürleşmegiň zerurdygyny aýdýarlar. Çünki şeýtmek bilen, olar özleri barada gowy pikir etmegi we içindäki «tankytça» düşünmegi başaryp bilerler.

Iň esasy-da, içki gorkyny we utanjy ýüze çykaryp, olaryň nireden gelýändigini seljermek hökmandyr. Bu olara özlerini boluşlary ýaly kabul etmäge kömek eder.

Gysgaça aýdylanda, utanç – adamy jemgyýetden daşlaşdyrýan iň agyr duýgularyň biridir. Şeýle-de bolsa, zehinli adamlar öz-özlerini kabul edip, duýgularyny açyk paýlaşsalar, jemgyýet bilen täzeden baglanyşyk gurup bilerler.


düýn 23:54
729

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......