Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

  • 13.04.2026 15:19
  • 3.2k+

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär.

Esasy internet bukjasy gutarandan soň, 7 milliondan gowrak abonent hiç hili çäklendirmesiz, 400 Kbit/sek tizlikde internet torundan peýdalanyp biler.

Ylym ministri Pe Kýon Hun onlaýn hyzmatlara elýeterliligiň esasy zerurlyga öwrülendigini mälim etdi.

Bu maksatnama ýurduň iň iri operatorlary bolan SK Telecom, KT we LG Uplus goşuldy. Şeýle çäre, şol bir wagtda, birnäçe dawalardan soňra kompaniýalaryň abraýyny dikeltmäge hem gönükdirilendir. Ýakynda SK Telecom kompaniýasynda goraglylygyň pesligi sebäpli maglumatlar uly möçberde syzypdy, LG Uplus kompaniýasynyň bolsa 3 terabaýtlyk maglumaty darknete düşdi. KT kompaniýasy bolsa ulgamdaky gowşaklyklar we zyýanly programma üpjünçiliginiň ýaýramak ähtimallygy sebäpli tankyt edildi.

Mugt internetden başga-da, telekommunikasiýa kompaniýalary bahasy 20 müň wona ($13,5) çenli bolan arzan 5G nyrhnamalaryny işe girizer, garry adamlar üçin hyzmatlar bukjasyny köpelder we jemgyýetçilik ulaglaryndaky Wi-Fi ulgamyny döwrebaplaşdyrar. Muňa jogap hökmünde bolsa, hökümet emeli aň (EA) hyzmatlary üçin niýetlenen torlar ulgamyndaky ylmy-barlag işlerine goldaw berer.


düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

15.06.2026 19:47
3.5k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.8k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......