Polarstern buz döwüji gämisinde halkara ekspedisiýa topary Weddell deňzinde ozal nawigasiýa kartalarynda görkezilmedik adany tapdy. Bu açyş Larsen buz şelfi öwrenilýärkä, gämi Juanwil adasynyň golaýyndaky aýlagda ýaramaz howa şertlerinden gaçybatalga gözlemäge mejbur bolanda edildi.
Ozal aýsbergdir öýdülen ýa-da "howply zolak" hökmünde görkezilen obýekt uzynlygy 130 metr we ini 50 metr bolan gaýa bolup çykdy.
"Men batimetriýa laboratoriýamyzda bolan ähli kenarýaka zolaklaryny öwrendim we sekijige gaýdyp geldim. Ilýuminatordan seredenimizde, birhili hapa görünýän "aýsbergi" gördük. Ýakyndan seredenimizde, onuň gaýa bolmagynyň ähtimaldygyna düşündik. Soňra ugrumyzy üýtgedip, şol tarapa gitdik we tiz wagtdan onuň adadygy belli boldy" diýip, Alfred Wegener institutynyň Batimetriýa bölüminiň işgäri Saýmon Droýter gürrüň berýär.
Alymlar relýef modelini döredip, ultrases çykaryjylaryň we dronlaryň kömegi bilen jikme-jik gözleg geçirdiler. Adanyň deňiz derejesinden beýikligi takmynan 16 metr.
Barlagçylar buz örtügi we süýşýän buzlaryň köpdügi sebäpli, öň ony hemra suratlaryndaky aýsberglerden tapawutlandyrmagyň asla mümkin däldigini belleýärler.
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Folklend adalarynda tamamlanýan ekspedisiýa sebitde deňiz buzunyň çürt-kesik azalandygyny we buzuň üstüniň adatdan daşary tiz ereýändigini hem hasaba aldy.
Resmi taýdan at bermek prosedurasyndan soň, täze adanyň takyk koordinatlary ähli halkara deňiz maglumat bazalaryna giriziler.