Учёные сняли на видео гигантского морского паука на дне Южного океана

  • 24.03.2025 06:17
  • 11k+

«Schmidt Ocean Institute» (SOI) täjirçilik däl gaznasynyň bilermenleri Antarktidanyň golaýynda, Günorta ummanynyň düýbünde äpet deňiz möýüni wideo düşürmegi başardylar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär. Deňiz möýi buz bilen örtülen Günorta Sandwiç adalarynyň aşagynda, 2 kilometr çuňlukda gezip ýören eken.

Deňiz möýleri – guryýerdäki möýleriň daşgyn garyndaşlarydyr. Olaryň käbiriniň aýaklarynyň uzynlygy 50 santimetre çenli ýetýär. Emma polýar sebitlerde olar has-da uly bolýarlar. Alymlar munuň sebäbini «çuň deňiz äpetligi» diýilýän fenomen bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu jandarlaryň şeýle äpet bolmagynyň başga-da birnäçe sebäbi bar. Ilki bilen pes temperaturanyň we ýokary basyşyň täsiri bilen olaryň metabolizmi haýallaýar. Şonuň üçin hem olar uzak ýaşap, ulalyp bilýärler. Ikinjidenem deňziň suwy olaryň bedenine goldaw berýär. Olar ulaldykça agramlary artýar, ýöne suwda erkin hereket edýändikleri üçin, öz agramlarynyň astynda heläk bolmaýarlar.
Bu jandarlaryň, takmynan, 1500 görnüşi bar. Deňiz möýleri «Pantopoda» otrýadyna degişlidir. Bu söz «ähli aýak» diýen manyny berýär. Deňiz möýleriniň aýaklaryndan başga agzalary hem bar, emma öýkenleri ýok – olar ekzoskeletleriniň (daşky skeletleriniň) üsti bilen dem alýarlar. Deňiz möýleri adam üçin howply däldir, olar çakmaýar. Emma hortumlaryny meduzalaryň we aktiniýalaryň (deňiz anemonlarynyň) bedenine sanjyp, olaryň içki agzalaryny sorup iýýärler.


06.02.2026 14:24
10k+

Антарктида ждет поваров и плотников: обещают платить больше $40 тыс. в год

Британская антарктическая служба (BAS) объявила набор сотрудников на исследовательские станции континента на 2026 год. И это редкий случай, когда экзотика сочетается с вполне земными условиями: зарплата от £30 244 в год (около 41 тысячи долларов) и практически полное отсутствие бытовых расходов, пишет IFLScience...

06.12.2025 10:04
9.9k+

Айсберг А23а потерял статус крупнейшего в мире

Площадь айсберга А23а за последние три месяца сократилась на 22%, до 1370 квадратных километров, вследствие чего он утратил статус самого крупного айсберга в мире. Об этом 4 декабря сообщили в Арктическом и антарктическом научно-исследовательском институте (ААНИИ)...

21.11.2025 11:16
8.4k+

Фёдор Конюхов проведёт 4 месяца в одиночной полярной станции в Антарктиде

Экспедиция Фёдора Конюхова прибыла в Антарктиду, где путешественник проведёт четыре месяца на одиночной исследовательской станции. Как сообщает «РИА Новости» со ссылкой на сына путешественника Оскара Конюхова, 28 участников экспедиции прибыли в Антарктиду 14 ноября на двухмачтовой шхуне из Аргентины...

16.02.2025 20:39
12k+

Ученые раскрыли секрет выживания единственного насекомого в Антарктиде

Бескрылый комар Belgica antarctica – единственное насекомое, обитающее в Антарктиде. Как такое существо выживает в экстремальных условиях – до сих пор оставалось загадкой. Однако ученым из Университета Осаки Метрополитен...