Antarktida aşpezlere we agaç ussalaryna garaşýar: ýylda 40 müň dollardan gowrak tölemek wada berilýär

  • 06.02.2026 14:24
  • 10k+

Britaniýanyň Antarktika gullugy (BAS) 2026-njy ýyl üçin yklymyň gözleg stansiýalaryna işgärleri kabul edýändigini yglan etdi. Zähmet haky ýylda 30 244 funt sterlingden (takmynan, 41 müň dollar) başlaýar we şol bir wagtyň özünde hojalyk çykdajylary doly diýen ýaly ýokdur diýip, IFLScience neşiri ýazýar.
Iş berijä diňe bir ylmy barlagçylar däl, eýsem agaç ussalary, aşpezler, sanitar tehnigi, gaýyk we gurnama operatorlary, akwalangistler, tehniki we kömekçi işgärler gerek. Ähli bildirişler BAS-yň saýtynda ýerleşdirilýär we olar 2026-njy ýylyň mart aýyna çenli täzelenip durar.
Iş beriji işgäri ýaşaýyş jaýy, iýmit, ýörite geýim bilen üpjün edýär, şeýle hem uçuş we okuw çykdajylaryny öz üstüne alýar.
Antarktida dünýäde hemişelik ilaty bolmadyk ýeke-täk yklym bolmagynda galýar. Tomsuna, ýagny oktýabr we mart aýlary aralygynda stansiýalarda bäş müňe çenli adam işleýär. Gyşyna — polýar gijesi we aşa sowuk howa şertlerinde bolsa müňe golaý adam bolýar.
Bu tejribäni başdan geçirenler işiň aňsat däldigini, emma adamyň dünýägaraýşyny üýtgedýändigini aýdýar. Galleýa VI stansiýasynyň ýolbaşçysy Den Makkenzi öz işine santehnik hökmünde başlap, wagtyň geçmegi bilen stansiýanyň başlygy boldy.
Onuň kärdeşleri bu ýeriň ömürlik galjak başarnyklary hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden gelen adamlar bilen buzluklaryň, pingwinleriň we deňiz pişikleriniň arasynda, dünýäniň çetinde işleşmek üçin seýrek pursaty berýändigini belleýär. Meýdan kömekçisi Jess Kallagan: «Bu ýabany tebigaty söýýänler we başdangeçirmeleri gözleýänler üçin arzuwlaryň hasyl bolmagydyr» diýip belledi.

 


19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......