A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

  • şu gün 10:04
  • 930

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar. Ol A23a-nyň häzirki ululygyndan iki esse uludyr.
D15A aýsbergi 2016-njy ýylyň ýanwarynda şelf buzlygyndan bölünip aýryldy. Häzirki wagtda ol Antarktidada Şa gyzy Ýelizawetanyň Ýeriniň kenarynyň golaýynda ýalpak ýerde dur diýip, Institutyň Buz we gidrometeorologiýa maglumat merkeziniň baş hünärmeni Polina Soloşuk belledi.


A23a aýsbergi Günorta ummanyň arassa suwlarynda ýüzmegini dowam etdirýär. Ol Günorta Georgiýa adasyndan 230 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. 2025-nji ýylyň tomsunda ol öz meýdanynyň bir müň inedördül kilometrini ýitirdi, awgustda bolsa ondan her biriniň ululygy 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan birbada üç uly bölek bölünip aýryldy.
A23a aýsbergi 1986-njy ýylda Antarktidadaky Filhner şelf buzlugyndan bölündi. Şol wagt onuň meýdany 4170 inedördül kilometrdi. 30 ýyldan gowrak wagtlap ol Uedell deňzinde hereketsiz durdy, soňra Antarktidanyň kenarlary boýunça ýüzüp başlady. 2023-nji ýylyň noýabryna çenli aýsberg Günorta ummanyň arassa suwlaryna çykdy. 2025-nji ýylyň başynda ýene saýa batdy, ýöne awgustda Günorta Georgiýa adasynyň golaýynda ýüzmegini dowam etdirdi. Tas 40 ýylyň dowamynda A23a aýsbergi ilkibaşdaky meýdanynyň 67%-ini ýitirdi. 


21.11.2025 11:16
8.2k+

Fýodor Konýuhow Antarktidadaky polýar stansiýada ýekelikde 4 aý geçirer

Fýodor Konýuhowyň ekspedisiýasy Antarktida geldi, bu ýerde syýahatçy ylmy-gözleg stansiýasynda ýekelikde dört aý geçirer. RIA Nowosti agentliginiň syýahatçynyň ogly Oskar Konýuhowa salgylanyp habar bermegine görä, 28 gatnaşyjydan ybarat ekspedisiýa 14-nji noýabrda Argentinadan iki bogaldakly şhunada Antarktida geldi...

24.03.2025 06:17
11k+

Antarktidanyň golaýynda äpet deňiz möýi wideo düşürildi

«Schmidt Ocean Institute» (SOI) täjirçilik däl gaznasynyň bilermenleri Antarktidanyň golaýynda, Günorta ummanynyň düýbünde äpet deňiz möýüni wideo düşürmegi başardylar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär...

16.02.2025 20:39
12k+

Antarktidadaky ýeke-täk mör-möjek nädip diri galmagy başarýar: alymlaryň jogaby

Antarktidada ýaşaýan jandarlar barada gürrüň edilende köp adamyň aňyna ilki bilen pingwinler gelýär. Emma bu yklymda örän täsin mör-möjek – ganatsyz çybyn Belgica antarctica hem ýaşaýar. Onuň şeýle aşa sowuk we...

18.12.2024 16:39
9.4k+

Alymlar iň uly aýsbergi öwrenýärler: ol 30 ýyl durgunlykdan soň süýşüp başlady

Alymlar otuz ýyldan gowrak durgunlykdan soň Günorta ummanda dünýäniň süýşýän iň uly buz bölegi bolan A23a aýsbergini öwrenýärler diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar. Onuň ululygy hatda uly metropollardan hem geçýär...