Fýodor Konýuhow Antarktidadaky polýar stansiýada ýekelikde 4 aý geçirer

  • 21.11.2025 11:16
  • 8.3k+

Fýodor Konýuhowyň ekspedisiýasy Antarktida geldi, bu ýerde syýahatçy ylmy-gözleg stansiýasynda ýekelikde dört aý geçirer.

RIA Nowosti agentliginiň syýahatçynyň ogly Oskar Konýuhowa salgylanyp habar bermegine görä, 28 gatnaşyjydan ybarat ekspedisiýa 14-nji noýabrda Argentinadan iki bogaldakly şhunada Antarktida geldi. Olar Russiýanyň Antarktidadaky Bellinsgauzen bazasyna (Günorta Şetland adalary arhipelagynyň düzüminde King-Jorj adasy) bardy, 19-njy noýabrda agşam bolsa Smolensk adalaryna (ýa-da Liwingston, ady agzalan arhipelagyň düzüminde) tarap ýola düşdi. Olar ylmy-gözleg stansiýasyny gurmak üçin üç gün adada bolar. Enjamlar gurnalandan soň, Fýodor Konýuhow ol ýerde mart aýynyň ortalaryna çenli ýeke galar.
Stansiýada wagty ol Antarktika ýarymadasynyň kenarýaka suwlarynda mikroplastigiň düzümini kesgitlemek bilen baglanyşykly ylmy gözlegler, şeýle-de howanyň hapalanmak derejesini öwrenmek bilen meşgullanar. Geljekde syýahatçy programmany giňeldip, stansiýada dokuz aý ýekelikde galyp biler. 


06.12.2025 10:04
9.8k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

24.03.2025 06:17
11k+

Antarktidanyň golaýynda äpet deňiz möýi wideo düşürildi

«Schmidt Ocean Institute» (SOI) täjirçilik däl gaznasynyň bilermenleri Antarktidanyň golaýynda, Günorta ummanynyň düýbünde äpet deňiz möýüni wideo düşürmegi başardylar diýip, «The Independent» neşiri habar berýär...

16.02.2025 20:39
12k+

Antarktidadaky ýeke-täk mör-möjek nädip diri galmagy başarýar: alymlaryň jogaby

Antarktidada ýaşaýan jandarlar barada gürrüň edilende köp adamyň aňyna ilki bilen pingwinler gelýär. Emma bu yklymda örän täsin mör-möjek – ganatsyz çybyn Belgica antarctica hem ýaşaýar. Onuň şeýle aşa sowuk we...

18.12.2024 16:39
9.4k+

Alymlar iň uly aýsbergi öwrenýärler: ol 30 ýyl durgunlykdan soň süýşüp başlady

Alymlar otuz ýyldan gowrak durgunlykdan soň Günorta ummanda dünýäniň süýşýän iň uly buz bölegi bolan A23a aýsbergini öwrenýärler diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar. Onuň ululygy hatda uly metropollardan hem geçýär...