Bennu asteroidinde çylşyrymly himiki «adajyklar» ýüze çykaryldy

  • 13.04.2026 16:09
  • 1.5k+

Bennu asteroidinden alnan nusgalarda organiki maddalaryň we minerallaryň deňölçegsiz paýlanyşy ýüze çykaryldy, olar özboluşly himiki «adajyklary» emele getirýärler. Bu açyş irki asteroidlerdäki suwuk suwuň çäkli ýollar arkaly hereket edendigini we näzik organiki molekulalaryň saklanmagy üçin şert döredendigini görkezýär. Bu barada «PNAS» ylmy žurnaly habar berýär.

Barlagçylar 2023-nji ýylyň sentýabrynda Ýere getirilen OREX-800066-3 bölejigini nano-IK spektroskopiýasy we raman spektroskopiýasy arkaly seljerdiler. Netijede, üç sany zolak anyklandy: uglewodorodlara baý, karbonatlara baý we azot saklaýan organiki maddalara baý bolan zolaklar.

Möhüm tarapy, bu meýdançalar hatda nano-derejede hem biri-birinden giňişlik boýunça aýrylandyr. Bu bolsa dürli himiki ewolýusiýa ssenarilerine eýe bolan mikro-gurşawlaryň bolandygyny tassyklaýar.

Ýüze çykarylan organiki kükürt birleşmeleri diňe karbonat zolaklarynda ýerleşýär. Bu bolsa asteroidiň ösüşiniň soňky tapgyrlarynda duzly suw görnüşli erginlerde himiki reaksiýalaryň geçendigine şaýatlyk edýär. Asteroidiň maddy düzümi gyzgynlyga sezewar bolmandygy sebäpli, ol prebiotik himiýanyň esaslaryny öwrenmekde uly ähmiýeti bolan durnuksyz molekulalary saklap galmagy başarypdyr.


düýn 22:30
724

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......