Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

  • 13.04.2026 00:35
  • 7.5k+

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly» dolandyryş ulgamyna eýe bolan ilkinji tapgyrlaýyn awtoulag bolup biler. Şonuň netijesinde, awtoulagy adaty ruluň deregine şturwal bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Onuň tanyşdyryljak wagty häzirlikçe takyklanylmaýar.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, täze ulgam manýowr etmegi we parkowkany ýeňilleşdirer, şeýle hem rula geçýän titremeleri azaldar. Dolandyryş has ýeňil bolar, rul mehanizminiň iş kadalary bolsa hereket edilýän şertlere görä uýgunlaşar. Şunuň bilen birlikde, yzky tekerleriň 10 gradus burça çenli öwrülmek funksiýasy hem saklanar.

Şturwalyň ulanylmagy sürüjiniň öňündäki boşlugy artdyrar we enjamlar paneliniň görnüşini gowulandyrar. Awtoulaga münmek we ondan düşmek hem has oňaýly bolar. Täze gurluş üçin aýratyn howpsuzlyk ýassygy işlenip düzüldi.

«Sim arkaly» dolandyryş ulgamy goşmaça opsiýa hökmünde elýeterli bolar — alyjylar isleseler adaty klassiki ruly hem saýlap bilerler.

Habar berlişi ýaly, täze tehnologiýa bir million kilometrden gowrak synagdan geçdi.

Mundan başga-da, EQS modeli täzelenen yşyklandyryş ulgamyna we daşky dizaýnyndaky üýtgeşmelere eýe bolup biler. Salonyň içinde bolsa multimedia ulgamynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmegine garaşylýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....