Ýadro lukmançylygy we howpsuzlyk: Türkmenistan bilen AEHA 2026–2030-njy ýyllar üçin maksatnama taýýarlaýar

  • 13.04.2026 13:08
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak we milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak meselelerine gönükdirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2026–2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak meselelerine hem garaldy. Bu resminama ýadro lukmançylygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň atom energiýasynyň diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagynyň tarapdarydygyny nygtady.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we Türkmenistanyň agentlige agza bolmagynyň şanly senelerine bagyşlanan ýokary derejedäki sebit forumyny Aşgabatda guramak teklip edildi.

Rafael Grossi Türkmenistanyň ýadro howpsuzlygy ýörelgelerine ygrarlylygy we ekologik durnuklylygy berkitmek baradaky başlangyçlary goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar innowasion tehnologiýalary lukmançylyga ornaşdyrmaga we ýurduň saglygy goraýyş edaralarynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehniki hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara beriljek goldawlar barada pikir alşyldy, sebäbi parahatçylykly atomdan peýdalanmak mümkinçiligi olar üçin durnukly ösüş guralyna öwrülip biler.

düýn 18:54
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
3.9k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
2.8k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......