Portugaliýa düzgünleri üýtgetdi: indi raýatlygy almak üçin ýurtda 10 ýyl ýaşamaly

  • 06.05.2026 23:04
  • 4k+

Portugaliýanyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguro raýatlyk baradaky kanuna üýtgeşmeleri girizýän düzedişlere gol çekdi.

Indi Portugaliýanyň pasportyny almak üçin arza bermezden ozal ýurtda 10 ýyl ýaşamaly. Ozal bu möhlet bäş ýyldy. Braziliýa, Angola ýa-da Mozambik ýaly portugal dilli ýurtlaryň raýatlary üçin hem bu möhlet bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldyldy.

Portugaliýanyň parlamenti bu düzedişleri 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda tassyklady. Mundan ozal deputatlar daşary ýurtlulara ýurduň içinden ýaşamaga ygtyýarnama soramagy gadagan edýän başga bir kanun taslamasyny hem makullapdy. Öň daşary ýurtly raýat Portugaliýa syýahatçylyk maksady bilen gelip, soňra maksadyny üýtgedip we ýaşamaga ygtyýarnama almak üçin arza berip bilýärdi.

Mundan başga-da, kanun maşgalanyň birleşmegi üçin ýurtda ýaşamagyň möhletini hem girizýär. Ozal daşary ýurtlular ýaşamaga ygtyýarnama alan badyna maşgalasyny ýanyna getirmek üçin arza berip bilýän bolsa, indi munuň üçin Portugaliýada iki ýyl ýaşamak gerek.

Portugaliýanyň Prezidenti kabul edilen kanuna teswir berip, eýýäm tabşyrylan raýatlyk arzalaryna täze düzedişleriň täsir etmezliginiň tarapdary bolup çykyş etdi.


12.03.2026 09:39
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet...

10.03.2026 15:55
4.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy martda Lissabondaky Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipä girişmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäherinde) M...

10.02.2026 09:22
1.8k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

25.09.2025 13:39
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar...