Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

  • 25.09.2025 13:39
  • 4.3k+

ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Türkmenistan hem-de Portugaliýa birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady we Prezident Marselo Rebelо de Souzany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny, munuň ählumumy dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......