Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 12.03.2026 09:39
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany öz gutlag hatynda jenap Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Portugaliýa Respublikasynyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirildi. Saýlawlara rekord 11 sany dalaşgär gatnaşdy. Iki tapgyrda geçen saýlawlaryň netijesinde Antoniu Žoze Seguru sesleriň köplügini alyp, ýurduň döwlet Baştutany wezipesine saýlandy.

Täze saýlanan Prezidentiň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasy şu ýylyň mart aýynyň başynda boldy. 


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......