Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

  • 10.02.2026 09:22
  • 1.8k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy. 
Seguru sesleriň takmynan 67%-ini, onuň bäsdeşi bolsa 33%-ini aldy. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda Seguru 31,1% ses bilen birinji ýeri eýeläpdi, Wentura bolsa sesleriň 23,52%-ine eýe bolupdy.
Portugaliýanyň prezidenti wezipesine sosialist soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek saýlandy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ýeňijini gutlap, Portugaliýanyň umumy ýewropa gymmatlyklaryna berýän goldawynyň güýçli bolmagynda galýandygyny belledi.
Wenturanyň netijesi, liderden ep-esli yza galandygyna garamazdan, 2019-njy ýylda döredilip, eýýäm parlamentde iň uly oppozision güýje öwrülmäge ýetişen partiýanyň taryhyndaky iň gowy görkeziji boldy. Wentura bäsdeşini ýeňşi bilen gutlap, sagçylaryň öz pozisiýalaryny barha güýçlendirýändiklerini we tiz wagtda bu ýurdy dolandyrjakdyklaryny-da mälim etdi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň öň ýanyndaky kampaniýa Portugaliýada ýanwar aýynyň ahyrynda ýurda weýrançylyk getiren «Kristin» tupanynyň netijelerini aradan aýyrmak işleriniň täsirinde geçdi. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde alty adam wepat bolup, ýüzlerçe müň ýaşaýjy bolsa elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy.
Wenturanyň saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýasynyň bir ugry migrasiýa syýasatyny berkitmekden ybarat boldy. Seguru, öz gezeginde, migrasiýanyň ykdysady zerurlykdygyny aýtdy we şol bir wagtda bu ulgamda düzgünleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny hem tassyklady.
Portugaliýanyň prezidenti bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Bu ýokary wezipede galapyn wekilçilikli wezipeler ýerine ýetirilýär, ýöne Portugaliýanyň prezidentleriniň hökümet baştutanyny bellemäge, kabul edilýän kanunlaryň taslamasyna weto girizmäge we hatda parlamenti dargatmaga-da hukugy bardyr.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...