Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

  • 11.05.2026 11:22
  • 2.3k+

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat goldady, 54-üsi garşy çykdy we bir adam saklandy.

Ses bermegiň netijeleri milli telekompaniýalarda göni ýaýlymda yglan edildi. Soňra Madýar ýurduň hökümetiniň täze baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Ol bu wezipede 16 ýyllap yzygiderli dolandyran Wiktor Orbanyň ornuny eýelär. Orbanyň ýolbaşçylygyndaky «FIDES — Wengriýanyň raýat birleşigi» partiýasy bolsa indi oppozisiýa geçýär.

«Tisa» partiýasynyň parlament saýlawlaryndaky ýeňşinden soň, Peter Madýar Wengriýanyň syýasatynda täze eýýamyň başlanandygyny mälim etdi. Täze hökümet birnäçe ykdysady meseleleri, aýratyn-da, döwlet býujetiniň ýokary ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseläni çözmeli bolar. Şunlukda, ol geljekde Wengriýanyň ýewro zolagyna girmek mümkinçiligine seredilip bilinjekdigini hem aradan aýyrmady.

Daşary syýasatda bolsa Madýar beýleki döwletleriň işine gatyşmazlyk ýörelgelerine eýermegi maksat edinýär we şol döwletlerden hem Wengriýa garşy şeýle çemeleşmä garaşýar.


13.04.2026 17:22
3.9k+

Wengriýadaky parlament saýlawlarynda «Tisa» partiýasy ýeňiş gazandy

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda «Tisa» oppozision partiýasy ýeňiş gazandy. Ol býulletenleriň 98,9%-i sanalandan soň, sesleriň 53,07%-ini aldy....

13.11.2025 20:08
3.4k+

Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň...

01.10.2025 13:21
1.2k+

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi...

26.09.2025 10:58
2.7k+

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

25-nji sentýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi...