Wengriýanyň parlamenti konstitusiýa üýtgeşme girizip, premýer-ministriň iň köp iki gezek (her biri 4 ýyl) saýlanyp bilmegini kanunlaşdyrdy. Bu karar üçin 134 deputat tarapdar, 50 deputat bolsa garşy ses berdi.
Bu üýtgeşme premýer-ministr Peter Madýaryň saýlawdan öň beren wadalarynyň biri boldy. Täze düzgün öňki işlenilen möhletleri hem hasaba almak bilen güýje giriziler. Netijede, hökümetiň öňki baştutany Wiktor Orban täzeden premýer-ministr wezipesini eýelemek mümkinçiliginden mahrum edilýär. Ol 1998-nji ýyldan bäri ýurduň hökümetine jemi bäş möhlet bäri ýolbaşçylyk edipdi. Şeýle hem bu üýtgetme daşary ýurt agentleri baradaky kanunyň çäginde gözegçilik wezipelerini ýerine ýetiren özygytyýarlylygy goramak boýunça ýatyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Mundan öň Madýar parlamentde konstitusion köplüge eýe bolan özüniň «Tisa» partiýasynyň esasy kanunda has giň gerimli özgertmeleri taýýarlamak we ony ählihalk referendumyna çykarmak niýetiniň bardygyny mälim edipdi.