Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

  • 01.10.2025 13:21
  • 1.2k+

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi.

Saparyň maksatnamasyna diňe bir toparyň plenar mejlisi däl, eýsem, öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan aýratyn duşuşyklar hem girizildi.
Gepleşikler, esasan, strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amaly ädimlerine gönükdirildi. Şunda energetika pudagyna aýratyn üns berildi: wenger wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni we Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen duşuşyklary geçirdiler.
Mejlise MVM Group Co. Ltd energetika holdinginiň baş direktorynyň gatnaşmagy energetika bilen baglanyşykly meseleleriň we geljekki taslamalaryň maksadalaýyk ara alnyp maslahatlaşylýandygyny görkezdi. Ýewropa Bileleşiginiň agzasy hökmünde Wengriýa Türkmenistany energiýa çeşmeleriniň üpjünçiligi we diwersifikasiýasy babatda möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär.
Taraplar hökümetara «Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda» ylalaşygyň tiz wagtda gol çekilmeginiň zerurdygyny belläp geçdiler. Bu resminama Wengriýanyň maýa goýumlarynyň Türkmenistana gelmeginde we işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmeginde hukuk binýadyny döreder.
Wengriýa öz gezeginde ÝB döwletleriniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde özüni bir «geçelge» hökmünde görkezmäge taýýardygyny tassyklady. Wekiliň düzüminde oba hojalygy, milli ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Wengriýanyň Eksporty ösdürmek agentliginiň (HEPA) wekilleri boldy.

Toparyň mejlisinde oba hojalygy, azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ýaly beýleki hyzmatdaşlyk ugurlary hem maslahatlaşyldy.
Wenger wekiliýeti saparynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi.
Mejlisiň jemleri boýunça beýannama gol çekildi. Toparyň indiki — ýedinji mejlisini Budapeştde geçirmek ylalaşyldy.


düýn 22:20
2.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......