Wengriýadaky parlament saýlawlarynda «Tisa» partiýasy ýeňiş gazandy

  • şu gün 17:22
  • 639

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda «Tisa» oppozision partiýasy ýeňiş gazandy. Ol býulletenleriň 98,9%-i sanalandan soň, sesleriň 53,07%-ini aldy.

Saýlawlara gatnaşyk görkezijisi ýurduň taryhynda iň ýokary derejä ýetip, 79,5% boldy.

Deslapky maglumatlara görä, partiýa parlamentdäki 199 orundan 138-sini eýeleýär. Bu bolsa oňa konstitusion köplügi we ýurduň esasy kanunyna üýtgetmeler girizmek hukugyny berýär.

Premýer-ministr Wiktor Orbanyň «Fides» dolandyryjy partiýasy sesleriň 38,43%-ini (55 orun), «Biziň watanymyz» ultra-sagçy partiýasy bolsa 5,83%-ini (6 orun) aldy.

Şeýlelikde, «Tisa» partiýasy parlamentde konstitusion köplügi eýeledi. 2010-njy ýyldan bäri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirip gelýän Orban wezipesinden gitmeli bolar. Ol ses berişlik tamamlanandan üç sagat geçensoň, ýeňlendigini boýun aldy we «Tisanyň» lideri Peter Madýary gutlady.

Saýlawlaryň netijeleri barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem öz pikirini bildirdi.

«Wengriýa Ýewropany saýlady. Ýewropa elmydama Wengriýany saýlapdy. Ýurt özüniň Ýewropa ýoluny dikeldýär. Bileleşik has-da güýçlenýär» – diýip, ol belledi.


13.11.2025 20:08
3.4k+

Raşid Meredow Jibutiniň, Yragyň, Slowakiýanyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleri bilen gepleşikleri geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Hususan-da, R.Meredow Jibutiniň...

01.10.2025 13:21
1.2k+

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi...

26.09.2025 10:58
2.7k+

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

25-nji sentýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi...

20.08.2025 13:57
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...