BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

  • 13.04.2026 11:59
  • 10k+

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi.

TDH-niň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny hem-de Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy.

Rabab Fatima BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi we Türkmenistanyň teklipleriniň Guramanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara bähbitli gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.


22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......