«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

  • 12.04.2026 00:14
  • 4.8k+

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi.

Mersisaýdlylaryň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany şu tomus şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň, «Liwerpuldaky» çykyşlaryny tamamlar.

Robertson klubuň düzüminde dokuz möwsüm oýnap, 373 oýunda meýdança çykdy.

«“Enfildde” örän şowly geçen dokuz möwsümden soň, Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany şu tomus şertnamasynyň möhleti gutaranda klubdan gider» – diýlip, habarda bellenilýär.

Futbolçy 2017-nji ýylda «Hall Sitiden» «Liwerpula» geçipdi. Bu döwürde ol Premýer-liganyň iki çempionlygyny, Çempionlar ligasyny, Angliýanyň kubogyny, iki Liga kubogyny, şeýle hem klublaýyn dünýä çempionatyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Angliýanyň Superkubogyny gazanmagy başardy.

Oýunçyny hormatlap ugratmak çäresiniň möwsüm tamamlanandan soň geçiriljekdigi nygtalýar.

«26-njy belgili oýunçy “gyzyllaryň” 2025/2026-njy ýyllaryň möwsümini mümkin boldugyça şowly tamamlamagyna kömek etmek üçin ähli ünsüni jemleýär» – diýlip, klubuň beýanatynda aýdylýar.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......