Iň "arassa": astronomlar rekord derejede pes elementli ýyldyz tapdylar

  • 13.04.2026 11:01
  • 1.9k+

Çikago uniwersitetiniň talyplarynyň topary agyr elementleriň rekord derejede az mukdaryna eýe bolan SDSS J0715-7334 ýyldyzyny tapdylar. Bu şu wagta çenli belli bolan iň “arassa” ýyldyzdyr.

Barlagçylaryň berýän maglumatlaryna görä, ýyldyz milliardlarça ýyl mundan ozal Uly Magellan Buludynyň galosynda emele gelip, soňra Akmaýanyň Ýoly galaktikasyna göçüpdir. Ol häzir Ýerden takmynan 80 000 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.

Alymlar Beýik Partlamadan soň Älemde ilkibaşda iň ýönekeý elementleriň - wodorodyň we geliýiň peýda bolandygyny düşündirýärler. Olardan ilkinji ýyldyzlar emele gelipdir. Soňra, olaryň ewolýusiýasy we partlamalary arkaly astronomlaryň metallar diýip atlandyrýan has agyr elementleri peýda bolupdyr.

"Astronomlaryň Älemdäki metallar diýip atlandyrýan ähli has agyr elementleri ýyldyzlaryň içinde termoýadro reaksiýalaryndan başlap, has täze partlamalaryna we örän dykyz ýyldyzlaryň çaknyşmalaryna çenli ýyldyz prosesleri netijesinde emele gelipdir" - diýip, Çikago uniwersitetiniň professory Aleks Ji aýdýar.

SDSS J0715-7334-iň düzüminde Günde tapylan metallaryň diňe 0,005% -iniň bardygy anyklandy. Bu öňki rekord eýesindäki metallaryň mukdaryndan iki esseden hem gowrak az.

Bu ylmy barlagyň netijeleri Nature Astronomy žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....