Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlar toplumyny kabul etdi we Adalatçynyň hasabatyny diňledi

  • 13.04.2026 15:34
  • 11k+

11-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahata gatnaşmaga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çagyryldy. Deputatlar Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipelere laýyklykda işlenip düzülen taslamalary maslahatlaşdy.

Esasy çözgütleriň hatarynda — 29-njy martda Lebap we Mary welaýatlaryndaky bäş saýlaw okrugy boýunça bäsleşik esasynda saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek meselesi bar.

Maslahatyň dowamynda aşakdaky resminamalar hem kabul edildi:

  • Mejlisiň komitetleriniň düzümi hem-de Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy hakyndaky Kararlar;
  • «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanun (bu resminama käbir administratiw bozulmalary üçin jogapkärçiligi güýçlendirýär);
  • Ulanylýan adalgalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» we beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek baradaky Kanunlar;
  • «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakyndaky Kanun. Täze kadalar daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda hasaba almagyň, hasaba alnyşyň möhletini uzaltmagyň we hasapdan çykarmagyň elektron görnüşine geçmegini göz önünde tutýar.

Mundan başga-da, deputatlaryň öňünde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa ýyllyk hasabaty bilen çykyş etdi.

Garalmaga hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň ähli taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.


25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

18.06.2026 10:26
825

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

29.04.2026 15:42
1.6k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

11.04.2026 23:38
9.5k+

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanun taslamalaryny kabul etmäge taýýarlanýar

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna......