Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe täze kanun taslamalaryny kabul etmäge taýýarlanýar

  • 11.04.2026 23:38
  • 9.5k+

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Häzirki wagtda Mejlis on ikinji maslahatyna taýýarlyk görýär. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda işlenip düzülen kanun taslamalary maslahatlaşylar.

Gözden geçirmäge we soňra kabul etmäge aşakdaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary hödürlener:

  • «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
  • «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda»;
  • «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda»;
  • «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda»;
  • «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»;
  • «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda».

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 22:20
2.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....