Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

  • 29.04.2026 15:42
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Müsüriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan özgertmeler we iri taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Mejlisiň düzümi we kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berildi.

Taraplar türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny, şol sanda BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary maslahatlaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......