Hytaý buzlugy gyzgyn suw bilen 3413 metr çuňlukda burawlady

  • 13.04.2026 16:51
  • 7.4k+

Hytaýyň 42-nji Antarktika ekspedisiýasy gyzgyn suw bilen burawlaýyş ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi we rekord 3413 metr çuňluga ýetdi diýip, Hytaýyň Tebigy gorlar ministrligine salgylanýan Sinhua habar agentligi habar berýär. Bu görkeziji öňki 2540 metrlik dünýä rekordyndan ep-esli köp.

Işler Antarktidanyň gündogaryndaky buzlukasty Silin kölüniň sebitinde geçirildi. Toparyň ýolbaşçysy Go Szinsýueniň belleýşi ýaly, köl 3 kilometrden gowrak galyňlykdaky buz gatlagynyň astynda gizlenýär.

Gyzgyn suw bilen burawlaýyş tehnologiýasy himiki maddalary ulanmazdan, ýokary basyşly suw çüwdürimi arkaly buzy eredip, kölüň gadymy ekoulgamynyň hapalanmagyny aradan aýyrýar.

Szilin uniwersitetiniň professory Çžan Nanyň aýtmagyna görä, synagyň esasy maksady ulgamyň işleýşini görkezmek bolup, ol mundan beýläk gözegçilik etmek hem-de suwuň we çökündileriň nusgalaryny ýygnamak üçin tehniki goldawy üpjün eder.

Synaglaryň üstünligi Hytaýyň indi Antarktika buz örtüginiň 90%-inde we Arktikanyň ähli ýerinde burawlamak üçin tehnologiýa eýedigini aňladýar.

Bilermenler şeýle kölleri öwrenmekligiň gadymy howa üýtgeşmelerini we planetadaky ýaşaýşyň çäklerini öwrenmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.


düýn 23:52
1.4k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......