Aston Martin 1 million dollarlyk täze Valhalla superkaryny hödürleýär

  • 13.04.2026 15:33
  • 2.7k+

Aston Martin kompaniýasy ilkinji elektrik toguna birikdirilýän gibrid awtoulagyny – Valhalla modelini tanyşdyrdy. Bu täze ulag kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Ulagyň kuwwaty 1064 at güýjüne deň. Onuň tizligi sagatda 350 km bolup, 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär.

Bu superkar 4 litrlik V8 hereketlendiriji we üç sany elektrik motory bilen işleýär. Ulag diňe elektrik güýji bilen 14,5 km ýol geçip bilýär.

Kompaniýa bu modelden jemi 999 sany öndürer. Eýýäm olaryň ýarysyndan gowragy satyldy. Her bir ulag müşderiniň islegine görä ýörite bezelýär. Bu bolsa ulagyň 1 million dollar bolan başlangyç bahasyny ýene 20% gymmatladýar.


şu gün 08:11
361

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
2.8k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......