Samsung öz mahabatynda tötänden geljekki iPhone 18 Pro Max-y görkezdi

  • 13.04.2026 10:55
  • 8.9k+

Samsung Display bölümi Galaxy S26 Ultra flagmany üçin taýýarlan mahabat wideosyny köpçülige hödürledi. Bu wideoda ünsli tomaşaçylar Apple kompaniýasynyň entek tanyşdyrylmadyk iPhone 18 Pro Max smartfonynyň şekiliniň bardygyny anykladylar.

Gagadget portalynyň ýazmagyna görä, ekranyň gorag funksiýasyny (Privacy Display) görkezýän wideoda koreý kompaniýasy öz enjamyny bäsdeşiniň smartfony bilen deňeşdirýär. Şol bäsdeş enjamyň dizaýny bolsa Apple-yň geljekki smartfony baradaky iň soňky syzylyp çykan maglumatlar bilen doly gabat gelýär.

Wideonyň kadrlarynda Dynamic Island kesigi düýpli kiçeldilen we ekran ramkalary örän inçeldilen smartfon görünýär. Bu bolsa iPhone 18-iň häsiýetnamalary baradaky gürrüňleri tassyklaýar. Geň galdyrýan ýagdaý bolsa, mahabat wideosynyň dürli ýurtlar üçin dürli wersiýalarynyň bolmagydyr: Koreýa üçin taýýarlanan wideoda bäsdeşiň täze dizaýny görünýän bolsa, Malaýziýa üçin niýetlenen wersiýada öňki modelleriň adaty kesikli şekili ulanylypdyr.

Analitikleriň çykaran netijesine görä, beýle waka marketing bölüminiň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykyp biler. Şol bir wagtyň özünde, bu ýagdaý Apple-yň 2026-njy ýylda hakykatdan hem ekran ramkalary diýseň inçe bolan modeli hödürlejekdigi baradaky çaklanyşlary güýçlendirýär. Täze iPhone-yň resmi tanyşdyrylyşyna bolsa diňe şu ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
964

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......