Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

  • 12.04.2026 01:14
  • 10k+

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky täze bellenen ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Diplomatyň resmi taýdan wezipesine girişmeginiň öňüsyrasyndaky hökmany tapgyr bolan dabaraly çäre 2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Waşingtondaky Bler-Hausda geçirildi.

Esen Aýdogdyýew bu wezipä Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 6-njy martyndaky Permany bilen bellenildi. Ol Waşingtona bellenilmezinden ozal, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasyna (2023-nji ýylyň noýabryndan bäri) ýolbaşçylyk etdi, şeýle hem şol bir wagtyň özünde ýurduň Sloweniýa Respublikasyndaky bähbitlerine wekilçilik etdi (oturýan ýeri Moskwa şäheri).

Aýdogdyýew ABŞ-daky ilçihananyň ýolbaşçysy wezipesinde 2001-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Waşingtonda wekilçilik eden Meret Orazowyň ornuna geldi. Öňki ilçi şol bir wagtyň özünde Meksikadaky, Kanadadaky ilçi we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky wekil wezipelerini hem ýerine ýetiripdi. Wekilhananyň öňki ýolbaşçysy başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy.


düýn 19:38
4.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......