Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meseleleri ylalaşyldy

  • 11.04.2026 23:44
  • 3.2k+

Türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde 10-njy aprelde Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşdy. Gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitine görülýän taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy.

Gurbanow duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň bu foruma ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen tarapynyň Seulda sammit geçirmek baradaky başlangyjy ilkinjileriň biri bolup goldandygyny nygtady.

Öňümizdäki sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gepleşikleri ösdürmekde möhüm tapgyr bolmalydygy, şeýle hem diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigi bellenildi.

Taraplar jemleýji resminamalaryň taslamalaryny, şeýle hem sammite taýýarlyk görmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Şol gün Ahmet Gurbanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon bilen geçiren duşuşygyna hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy mähirli kabul edilendigi we gepleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.

Söhbetdeşler öňümizdäki sammitiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapy sammitiň taýýarlyk işlerine we geçirilişine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......