Tesla kompaniýasy bahasy 30 müň dollardan pes bolan täze kiçi krossoweri işläp düzýär

  • 12.04.2026 21:17
  • 3.4k+

Tesla kompaniýasy meşhur Model Y-den kiçi we arzan boljak täze elektrik krossowerini işläp düzmäge başlady diýip, Reuters agentligi bu ýagdaýdan habarly insaýderlere salgylanyp habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, täze modeliň önümçiligini Hytaýda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Geljekki täze modeliň uzynlygy takmynan 4,28 metr, agramy bolsa ýüksüz bir ýarym tonna bolar. Bahasyny peseltmek üçin elektrik ulagyny diňe bir hereketlendiriji we häzirki modelleriňkä garanyňda kiçi batareýa bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle krossoweriň bahasynyň 30 müň dollardan az bolmagyna garaşylýar, bu bolsa ony Tesla-nyň modelleriniň arasynda iň elýeterlisine öwrer.

Taslama häzirki wagtda başlangyç tapgyrynda we köpçülikleýin öndürilip başlanjak senesi heniz yglan edilmedi.


şu gün 18:36
1k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....