Türkmenistan wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 11.04.2026 23:42
  • 1.4k+

10-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdy. ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup galýandygy bellenildi.

Medeni gepleşikleri ösdürmek we guramanyň işiniň esasy ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ozal teklip edilen başlangyçlar we olary iş ýüzünde mundan beýläk-de ilerletmegiň usullary gözden geçirildi.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň taslamalary milli we sebit derejesinde durmuşa geçirmekdäki utgaşdyryjy orny aýratyn bellenildi.


şu gün 09:55
136

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
623

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......