Pikassonyň suraty 100 ýewrodan satylýar: Parižde haýyr-sahawat lotereýasy başlady

  • 13.04.2026 10:44
  • 2.7k+

Parižde «Pikassonyň 1 suraty 100 ýewrodan» atly özboluşly haýyr-sahawat çäresi başlady. Euronews-iň habaryna görä, çärä gatnaşýan islendik adam Pablo Pikassonyň eseriniň asyl nusgasyny 100 ýewro bahadan alyp biler.

Guraýyjylar 120,000 bilet satmagy meýilleşdirýärler. Ondan alnan girdeji Altsgeýmer keselini öwrenmek üçin sarp ediler.

Bu ýylky baş baýrak suratkeşiň 1941-nji ýylda döreden kagyza guaş bilen çekilen «Aýalyň kellesi» («Tête de Femme») suratydyr. Surat 14-nji aprel, sişenbe güni agşam çekiljek «Christie's» auksion öýünde görkeziler.

Eger ähli biletler satylsa, girdeji 12 million ýewro ýetmeli. Bu möçberden 1 million ýewro surat üçin Opera galereýasyna tölener, galany bolsa Altsgeýmer keselini öwrenmek gaznasyna geçiriler.

Lotereýa oýnamagyň bu görnüşi öň özüniň üstünlikli netijesini görkezdi. Olardan 2013-nji ýylda geçen oýunda Pensilwaniýadan gelen ýönekeý işçä «Opera şlýapaly adam» suraty, 2020-nji ýylda bolsa italýan hasapçysyna natýurmort nesip etdi.

Öňki suratlaryň birini sowgat beren kolleksiýaçy Dawid Nahmadyň aýtmagyna görä, Pikassonyň özi-de bu pikiri goldardy. Sebäbi suratkeş döreden eserleriniň diňe tüçjar baýlara däl, eýsem jemgyýetçiligiň beýleki gatlaklaryna-da elýeterli bolmagyny isleýärdi.


28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

24.05.2026 16:26
5.9k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....