Gurbanguly Berdimuhamedow: Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir

  • 12.04.2026 20:43
  • 15k+

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklaryň dowamynda Hazar sebitiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna çuňňur alada bildirýär we bu zolakda islendik harby hereketleriň alnyp barylmagyny asla ýol berilmesiz hasaplaýar. Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar boýunça ýurduň resmi garaýşyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen metbugat wekillerine beren interwýusynda beýan etdi.

Žurnalistler bilen söhbetdeşlik Awstriýa amala aşyrylan saparyň çäklerinde boldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde Hazar hyzmatdaşlygyny yzygiderli ýola goýandygyny nygtady. 2018-nji ýylda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa sebit howpsuzlygynyň esas goýujy bölegidir. Bu resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligidigi, bu ýerde hazarýaka ýurtlaryndan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da islendik harby işjeňliginiň gadagandygy takyk görkezilendir.

«Şoňa görä-de, serhetdeş hazarýaka döwletiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna Türkmenistanyň biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriniň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyny dykgatly öwrenenden soň, ony goldamak barada karara geler. Bu taslamada Ýakyn Gündogardaky harby gapma-garşylygyň Hazar sebitine ýaýramagynyň onuň güýçlenmegini aňladýandygy we sebit howpsuzlygyna howp salýandygy bellenilýär. Bu resminama gapma-garşylygyň geriminiň giňemeginiň kabul edilmesizdigi barada ýurduň düýpli garaýyşlaryny beýan edýär.


17.06.2026 11:28
768

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

25.05.2026 15:17
6.7k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......