Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýakyn Gündogar sebitindäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara we tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirip biler

  • 12.04.2026 16:13
  • 17k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde  ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly: "Häzirki emele gelen ýagdaýyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýar. Bu ýagdaýyň bizi howsala salmagy ýönelige däl. Sebäbi, giň çäkleri öz içine alýan Ýakyn Gündogar sebiti geografiýa taýdan Türkmenistana hem galtaşýar.  Şoňa görä-de, şol ýerdäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara we tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirip biler" diýip bellän Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan gapma-garşylykly ýagdaýlary we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýandygyny nygtady.

"Men hünärim boýunça onlarça ýyllary döwlet gullugynda häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny hem-de ömrüni gorap saklamaga bagyşlan, lukman hökmünde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düzedip bolmajak ýaramaz netijelere getirjekdigini belläsim gelýär. Onuň ulanylan ýagdaýynda ilata, ekologiýa, iri sebitleriň durmuş, ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini bilýärin" diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle-de munuň düýpli we ýokary derejede jogapkärçiligi talap edýän meseledigine we muňa kembaha, ýüzleý we oýlanyşyksyz garamak ýol berilmesiz örän howply ýagdaýdygyna ünsi çekdi.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......