UFC-niň hemaýatkäri Ak tamda geçjek turniriň söweşijilerine 1 million dollar bonus berer

  • 13.04.2026 20:25
  • 10k+

14-nji iýunda ABŞ-nyň Ak tamynda geçiriljek UFC turniriniň gatnaşyjylary umumy bahasy 1 million dollar bolan goşmaça baýraklary almak mümkinçiligine eýe bolar. Bu jomartlygy UFC-niň hyzmatdaşy bolan Crypto kriptobiržasy amala aşyrar. Serişdeler iň gowy netije görkezen söweşijilere adaty bonuslardan daşary berler. Ýanwar aýyndan bäri UFC-de adaty bonuslaryň möçberi 100 müň dollar bolandygyny-da ýatlamak gerek.

Dabarasy eýýämden ýetik bu ýaryş ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanar. Häzirki wagtda turniriň meýilnamasynda 7 sany söweş bar, olaryň ikisi çempionlyk guşagy ugrundadyr.

Esasy söweşlerde ýeňil agramda häzirki we wagtlaýyn çempionlar Iliýa Topuriýa hem-de Jastin Geýji guşaklary birleşdirmek ugrunda tutluşarlar. Şeýle-de Aleks Pereýra we Siril Gan agyr agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin söweşerler.

Agyr agramlylar Derrik Lýuis bilen Joş Hokitiň arasyndaky ýedinji söweş bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň haýyşy boýunça hepdäniň ahyrynda maksatnama goşuldy.


29.05.2026 23:05
4.7k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.2k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......