"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

  • 28.05.2026 12:35
  • 4.4k+

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Bu täsin şüweleňi döreden Tokyo Broadcasting System Television ýapon teleradioýaýlymy taslamanyň elementlerini häzirki zaman pentatlonynyň täze ugry bilen utgaşdyrmak üçin Internationale de Moderne Pentatlon Union (UIPM) bilen ylalaşyk baglaşdy.

Atçylyk sportunyň ýerine päsgelçilikli meýdançany goşmak baradaky karar Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan 2023-nji ýylda tassyklanyldy.

Gol çekilen ylalaşygyň çäginde sport federasiýasy asyl franşizadaky ýaryş konsepsiýalaryny we aýry-aýry päsgelçilikleriň dizaýnlaryny ulanmak üçin resmi hukuklary aldy.

"Nindzýa-söweşiji" şüweleňi Ýaponiýanyň telewideniýesinde ilkinji gezek 1997-nji ýylda görkezilipdi we dünýäde meşhurlyk gazanypdy. Taslamanyň ýerli wersiýalary häzirki wagtda 160-dan gowrak ýurtda görkezilýär we amerikan adaptasiýasyndaky Amerikan Ninja Warrior bolsa şu ýyl eýýäm 18-nji möwsümini çykarýar.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....