Hažžyklar we ýarganatlar Berlindäki müň öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna päsgel berýärler

  • 13.04.2026 16:39
  • 8.3k+

Berlinde gurulýan ilkinji 167 metrlik gökdirän ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy gum hažžyklaryny, samyrlary we ýarganatlary goramak zerurlygy sebäpli yza süýşürilýär diýip Bild gazeti habar berýär.

Synçylaryň anyklamagyna görä, 1000 öýli bu belent bina gorag astyndaky hažžyklaryň ýaşaýan ýeriniň (1300 inedördül metrden gowrak meýdanyň) üstüne kölege salar. Bu bolsa ýylylygy söýýän jandarlar üçin örän howpludyr.

Gurluşygy dowam etdirmek üçin potratçy ýörite germewleri oturtmaly we hažžyklar üçin çägeli täze meýdançalary döretmeli bolar.

Ýarganatlary goramak üçin bolsa gurluşyk kranlaryna agşam hereket etmek gadagan edildi. Şeýle-de, gurluşyk meýdançasyna samyrlar girmez ýaly, ol ýer gije-gündiz goralar.

Elbetde ekologiýa kadalary tebigy dürlüligi saklamagy talap edýär. Ýöne şol bir wagtda, käbir syýasatçylar jaý tölegleriniň gymmatlaýandygyny aýdyp, haýwanlardan öň adamlary öý-öwzarly etmek meselesine üns bermäge çagyrýarlar.


25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......